
Müň ýyl mundan ozal tagt ugruna söweşen iki şa doganyň gören düýşleri şalygyň näletine öwrüldi. Şa doganlar özleriniň sebäp bolan söweşleri zerarly näbelli bir duşmanyň oýanandygyny hem-de wagty geleninde şalygyň soňuny getirjekdigini öwrenmekleri bilen tagty ogullaryna goýup ýitirim boldular. Aradan müň ýyl geçdi, ol şalaryň nesilinden bolan üç dogan: Nazyr, Amud hem-de Semin. Şa kakalarynyň buýrugy esasynda ençe ýyldan bäri uzakda bolan öýlerine dolanýarlar. Emma, tagt boşdy. Kakalary duýdansyz ýitirim bolup, onuň nirede bolup biljekdigini hiç kim bilenokdy. Mirasdüşerligiň gadymy nyşany bolan goragçy oňanlaryny oýarmany başaran doganlaryň öňünde täze ýol açylýar. Indi olar janlaryny orta goýup mirasdüşerlik synaglaryny geçmekleri gerekdi. Üç mirasdüşer, bir tagt. Haýsy-sy tagta mynasyp? Kim düýşdäki syrlary çözüp şalygy halas eder? A, haçan-da gadym düýşdäki duşman orta çykanynda kim diri galar? Diňe Düýşüň syrlaryny doly çözen diri galar. Her ädimleri olary syrlaryň çözgüdine ýakynlaşdyrýan wagty, bir karar bermekleri gerekdi.Olaryň haýsy-sy hakyky şa? Haýsy-sy ýeňmek üçin iň uly pidany edip şalygy halas etmäge taýýar? Şalygyň ykbaly üç mirasdüşeriň elinde emma ahyrynda diňe biri diri galar.