
Esasy gahrymanlar Leyli we Mejnun bolup, olaryň başdan geçiren pajygaly, ýöne öçmejek päk söýgüsi adamlaryň aňynda wepalylygyň alamaty hökmünde ýaşaýar. Şeýle hem dessanda Nowpyl, Ibni-Salam ýaly dürli häsiýetli obrazlar açylyp görkezilýär.Andalyp bu eserinde halk dilini esas edip alypdyr. Şol sebäpli hem eser asyrlar boýy halk tarapyndan uly söýgi bilen okalyp, dilden-dile geçirilip we bagşy-sazandalaryň girizilip biziň döwrümize gelip ýetipdir.