
Bu okuw kitabynyň mazmuny psihiatriýa dersi boýunça tassyklanylan okuw mak satnamasyna, keselleriň halkara klassifikasiýasynyň 10-njy gaýtadan gözden geçirilişine doly laýyk gelýär. Kitapda diňe bir psihiki kesellere mahsus bolan alamatlar we alamatlar toplumy beýan edilmän, onda somatiki kesellerde duşýan psihiki özgermeler hakda hem durlup geçilýär. Şeýle-de, dürli ýaşlardaky psihiki we özüňi alyp baryş bozulmalarynyň na zaryýeti we klinikasy boýunça häzirkizaman maglumatlary ýerleşdirilýär. Esasan, umumy lukmançylyk tejribesinde gabat gel ýän psihiki bozulmalara üns berilýär. Kitap Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplaryna, şeýle-de psi hiatr, narkolog we maşgala lukmanlaryna niýetlenendir. Ondan hukuk goraýyş edaralary-nyň işgärleri-de peýdalanyp bilerler.