
Grigoriý Petrowyň dünýä belli «Ak gülleriň ýurdunda» atly eseri Finlandiýanyň taryhynda bolup geçen beýik we täsirli özgerişleri gürrüň berýär. Batgalyklaryň we gaýalyklaryň ýurdy bolan garyp taryhy mekanyň zähmetsöýer, jepakeş halkynyň bitewüligi, şeýle hem mugallymlaryň, lukmanlaryň, esgerleriň we intelligensiýanyň irginsiz zähmeti netijesinde döwleti nädip gysga wagtyň içinde iň ösen we bilimli ýurtlaryň birine öwürendigi kitabyň baş ideýasydyr.Bu eser diňe bir taryhy maglumatlary däl, eýsem jemgyýetiň her bir agzasynyň öz Watanynyň ösüşine goşup biljek gymmatly goşandyny, bilimiň we agzybirligiň güýjünü görkezýän ajaýyp gollanmadyr. Kitap giň okyjylar köpçüligi, esasanam ýaşlar we bilim işgärleri üçin niýetlenendir.