
Ýüregiňizi çuňňur tolgundyrjak, her bir sahypasy syr we duýgy bilen doly täsirli roman! Käbir kararlar adamyň bütin ömrüni özgerder, käbir syrlar bolsa ýyllar boýy ýürekde agyr ýük bolup galalar. Söýgi bilen dyza çökmeklik, ýa-da ykbalyň amansyz synaglaryna garşy dik durmaklyk? «Derdeser» — ynsan gatnaşyklarynyň çylşyrymly labirintinde öz ýoluny gözleýän gahrymanlaryň, päk söýginiň, hyýanatçylygyň we bagyşlamagyň hekaýasydyr. Wakalaryň gün-günden çylşyrymlaşmagy, garaşylmadyk öwrümli pursatlar we duýgylaryň çeňňeginde galan ykballar sizi ilkinji sahypalardan özüne bendi eder. Bu kitabı okap başlanyňyzdan soň, şu soraglar barada oýlanman galyp bilmersiňiz: Adamyň iň ýakynyndan görýän zarbasyna çydamak mümkinmi? Ykbalyň getiren derdeserini söýgi we sabyr bilen ýeňip bolarmy? Agyry we umyt bilen işlenen bu duýguly dünýä aralaşyň. Şübhesiz, bu kitap diňe bir okalyp geçilmän, eýsem ýüregiňizde çuňňur yz galdyrar!