
Lukmançylyk orta okuw mekdepleri üçin synag okuw kitaby hökmünde taýýarlanan bu eser, adam anatomiýasyny düzýän ähli ulgamlara degişli esasy maglumatlary öz içine alýar. Kitapda adamyň fiziologiýasyna degişli möhüm maglumatlar, anatomiýa we fiziologiýa ylymlarynyň gysgaça taryhy hem giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem okuw kitabynda türkmençe-latynça sözlük berilýär we ol lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň hemme hünärleri üçin niýetlenendir. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen bu okuw gollanmasy hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir.