
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen bu okuw kitaby, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna menejment ylmynyň esaslaryny, nazaryýetini we amaly tejribelerini öwretmek üçin niýetlenendir. Kitapda ykdysady dersleri okatmagyň häzirki zaman tejribeleri, ykdysadyýet bilen meşgullanýan alymlaryň ylmy işleri hem-de Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň maglumatlary giňişleýin beýan edilýär. Resmi guramalar, täjirçilik we täjirçilik däl, uly hem-de kiçi guramalar baradaky maglumatlar, şeýle hem olaryň netijeli dolandyrylyş usullary ylmy esasda talyplara ýetirilýär. Hünär derejesini ýokarlandyrmak, dolandyryş işgärlerini taýýarlamak we ykdysadyýet ulgamynda bilim almak isleýänler üçin möhüm nazary hem-de amaly gollanma.