
«Diňe ýüregiň bilen seretseň dogry görersiň. Mähim zatlary göz bilen görüp bolmaz.» Siz hiç beýleki planetadan gelen syýahatçy bilen duşuşyp gordüňizmi? Sahara çölüniň çöllerinde uçary hatardan чыkan bir uçujy, garaşylmadyk bir pursatda kiçijik, ýöne ajaýyp bir oglanjyk bilen duşuşýar. Bu täsin oglanjyk — öz kiçijik planetasyndan hyýaly syýahata çykan Kiçijik Şazada. Ol syýahatynyň dowamynda ulularyň geň, sebäpsiz we çylşyrymly dünýäsini synlaýar. Ýöne ol diňe bir täze ýerleri däl, eýsem söýginiň, dostlugyň, jogapkärçiligiň we durmuşyň hakyky manysyny hem gözleýär. Bir tülki bilen bolan söhbetdeşlik bolsa, onuň kalbynda ebedi galjak sapaklara öwrülýär. Antuan de Sent-Ekzyuperiniň bu bütindünýä meşhur eseri diňe bir çagalar üçin däl, eýsem ýüregindäki çagalygy ýitirmedik ähli ulular üçindir. Bu kitaby açyň we öz kalbyňyz barada iň arassa hakykatlary täzeden açyň!