
Taryhyň sahypalarynda öçmejek yz galdyran beýik söýgi, mertlik we mertebe hakda dessan! XI asyr... Beýik Seljukly şadöwletiniň dörän we Gündogarda adalatyň, dabaranyň dabaralanan döwri. Şol şöhratly eýýamyň arkasynda diňe bir beýik serkerdeler däl, eýsem, akyl-parasaty, gaýduwsyzlygy hem-de wepalylygy bilen taryha adyny altyn harplar bilen ýazan beýik türkmen zenany durdy. Ol — Soltan Togrul begiň ykbaldaşy Altynjan hatyndyr. Kitabyň sahypalaryny açdygyňyzça, siz diňe bir taryhy wakalaryň şaýady bolman, eýsem, söweş meýdanlarynyň dartgynly pursatlaryna, saray içindäki gizlin dildewşliklere, ar-namys hem-de Watana bolan beýik söýginiň synagyna şaýat bolarsyňyz. Adamsynyň başyna agyr gün düşende ägirt uly güýje we mertlige öwrülip bilýän Altynjan hatynyň batyrgaý ädimleri sizi özüne bendi eýlär. Siz bu kitapda nämeleri taparsyňyz? Taryhyň çuňňur gatlaklaryndan alynan, öň çeper edebiýatda duşman gelýän täze maglumatlary we pähimleri; Şöhratly geçmişimizdäki gahrymançylykly, dartgynly we ýatdan çykmajak wakalary; Türkmen zenanynyň belent ahlaklylygyny, mertebesini hem-de sagdyn parasatyny. Merdana pederlerimiziň hem-de beýik ene-mamlarymyzyň şöhratly ýoluna täzeçe göz bilen garamak, milli buýsanjyňyzy goşalandyrmak we ilkinji sahypasyndan iň soňky sahypasyna çenli syrly dünýä sypmak кааlasaňyz — bu roman edil siziň üçin!