
Maddi we ruhy baýlyga eltýän syrly ýol nireden başlanýar? Dünýäniň iň üstünlikli we baý adamlaryny beýlekilerden näme tapawutlandyrýar? Olar öz arzuwlaryny nähili amala aşyrdylar? Napoleon Xill 20 ýyldan gowrak wagtynyň duşunda öz döwrüniň 500-den gowrak iň üstünlikli adamlarynyň (Aýandryu Karnegi, Tomas Edison, Genri Ford we beýlekiler) durmuşyny we iş tejribesini içgin öwrendi. Netijede bolsa bütin dünýäni haýrana galdyran bu beýik gollanma döräp çykdy. «Oýlan hem baýa» — bu diňe bir pul gazanmak barada kitap däl. Bu — pikirlenişiňizi üýtgetmek, maksadaokgunlylygy ösdürmek we islendik arzuwy hakyky üstünlige öwürmek üçin synagdan geçen 13 altyn düzgündir. Bu kitap Size nämeleri öwreder? Pikirleriň güýji: Niýetiňizi we oý-pikirleriňizi nähili netijeli güýje öwürmeli? Gorkyny we yza çekilmeleri ýeňmek: Päsgelçilikleri mümkinçiliklere öwürmegiň syrlary. Maksadaokgunlylyk we ynam: Arzuwdan netijä elterlik aýgytly ädimler. «Adamyň aňy nämä ynanyp we nämäni arzuw edip bilýän bolsa, ol şol zatlary gazanmaga-da ukyplydyr.»