
Bu kitaby diňe abuna arkaly, mobil programmada okap bolýar.
Bu kitaby diňe abuna arkaly, mobil programmada okap bolýar.
Dünýä ineniňde sen ýyglapdyň, daş-töweregiňdakylar bolsa begnipdi. Şeýle bir ömür sür, tä bu dünýäden gidýän günüň hemme kişi ýyglasyn, sen bolsa ýylgyryp git..." Şu günki aladaly, gabyr-gubur durmuşyň içinde hakyky maksadyňyzy hem-de içki rahatlygyňyzy ýitirdiňiz diýip duýýarsyňyzmy? Günleriňiz diňe wagtyň yzyndan ylgamak bilen geçip barýarmy? Şahsy ösüş boýunça dünýä belli hünärmen, «Ferrarisini satan derviş» kitabynyň awtory Robin Şarma bu neşirinde durmuşyňyzy düýpli özgertmäge kömek etjek 101 sany ýönekeý, emma täsirli maslahaty hödürleýär. Bu kitap diňe bir okaýyş üçin däl, eýsem her günki durmuşyňyzda ulanjak hakyky ýol görkezijidir: Durmuşyňyza nähili mazmun we çuňluk berip boljakdygyny öwrenersiňiz. Gündelik aladalaryň arasynda içki parahatlygy nädip saklamalydygyna düşünersiňiz. Bu dünýäde diňe bir ýaşap geçmän, eýsem başgalaryň durmuşynda nädip öçmejek yz galdyrmalydygyny aňlarsyňyz. Şu gün özüňize iň esasy sowaly beriň: Eger şu gün durmuşyňyz tamamlanan bolsa, ýzyňyzda galdyran mirasyňyz üçin kim ýyglardy? Eger durmuşyňyzy many-mazmuna doldurmak, arzuwlaryňyza bir ädim ýakynlaşmak we her bir anzyň gadyryny bilip ýaşamak isleýän bolsaňyz — bu kitap edil siziň üçin ýazylgy!