
«Emosiýalaryň psihologiýasy» (awtor: B. Başarow) — ylmy-usulyýet we okuw gollanmasy bolup, adamyň duýgy dünýäsini, emosional ýagdaýlaryny hem-de olaryň psihologik aýratynlyklaryny öwrenmäge niýetlenen çeşmedir. Kitapda emosiýalaryň we duýgularyň adamyň durmuşyndaky, amaly işindäki hem-de beýleki adamlar bilen özara gatnaşyklaryndaky orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Neşirda duýgularyň emele geliş tebigaty, olaryň fiziologik we psihologik esaslary, şeýle hem adamyn özüni alyp baryşyna edýän täsiri ylmy taýdan derňelýär. Bu gollanma ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, mugallymlara, psihologiýa ugry bilen gyzyklanýanlara hem-de öz-özüni ösdürmek we duýgy intellektini kämilleşdirmek isleýän okyjylar üçin peýdaly maglumatlary öz içine alýar.