
Türkmenistanyň Gahryman Arkadagynyň jöwher paýhasyndan önüp-ösen «Dowlet guşy» romanynda müňýyllyklardan gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyz, edep-ekram gymmatlyklary we mukaddes maşgala galkynyşy çuňňur çeperçilik bilen beýan edilýär. Eseriň esasy gahrymany bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň mysalynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň iň agyr hem synagly döwründe, türkmen ýetginjekleriniň görkezen gaýduwsyzlygy, merdanalygy hem-de belent watansöýüjilik ruhy açylyp görkezilýär.Roman ýaş nesli halkymyzyň taryhy mirasyna we ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine uly sarpa goýmak, kynçylyklaryň öňünde mert durmak we Watana wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetgiler gollanmadyr. Bu eser giň okyjylar köpçüligine, şeýle hem ene topragymyzyň şöhratly taryhy we ynsanperwerlik gymmatlyklary bilen gyzyklanýan her bir raýata niýetlenendir.